BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

     Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň dabaralary Balkan welaýatynda hem şatlyk-şowhuna beslendi. Welaýat Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasy Döwlet baýdagymyzyň al-asmana göterilmegi hem-de Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen uly ruhubelentlige beslenip başlandy.

     Welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar we çagalar tans toparlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan uly ösüşleri, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Dabaraly çärä Balkan welaýat Ýaşlar guramasynyň işgärleridir işjeň agzalary hem ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda halkymyzy eşretli eýýamda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar sena bolup ýaňlandy!

 

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 76 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 67 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 52 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT