Güneşli ülkämizde ýene bir baýram — Garaşsyzlyk baýramy giňden bellenilýär. Bu şanly senäni mynasyp garşylamak maksady bilen her bir ulgamda ýörite meýilnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyryldy. Çünki Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşidir. Garaşsyzlyk — halkyň belent ykbaly! Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ykbalynyň toýuny toýlaýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli biz hem Saýat etrabyndaky «Balsaýat» toý mekanynda baýramçylyk çäresini geçirdik. Oňa ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly enelerimiz, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, etrap bilim bölüminiň işgärleri gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdymdyr sazlary, joşgunly çykyşlary baýramçylyga gatnaşanlara uly ruhy lezzet paýlady. Şeýle hem çäräniň dowamynda ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglary diňlenildi. Çykyş edenler berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýene-de tutumly toýlara beslenmegini arzuw etdiler.
Ogulnur ŞAPOLADOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.