AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

     Köňüllerde berkararlyk tagtyny gurup, ykballary baky bagtyýarlyga ýar eýlän, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýokary netijeler gazanylyp belent üstünliklere ýetilýär. Biz bu hakykaty mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde edilen çykyşlaryň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň paýhasa ýugrulan içeri we daşary syýasaty türkmen halkynyň abraý mertebesiniň has-da belent bolmagyna itergi berýär. Her bir güni her pursady bagtyýarlykdan paýly, toý baýrama hoş habarlara we ýeňişlere beslenen gül Diýarymyzyň goýnunda bagtly pursatlaryň şaýady bolup, zähmet çekmek, döretmek, ömür sürmek bolsa biziň üçin uly bagtdyr. Asuda asman, parahat zemin üstünde erkin ýaşaýan watandaşlarymyzyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlary buýsançlary çäksizdir.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegi mynasybetli hem-de Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlap biz hem Dänew etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary, Medeniýet bölümi bilen bilelikde «Gala» toý mekanynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdik. Şatlyk-şagalaňa beslenip, ýürekleri joşa getiren bu dabarada kümüş saçly eneler, il sylagly ýaşulular, etrabymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärler, bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Onuň dowamynda ildeşlerimiz çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren ajaýyp döwrüne guwanýandyklaryny buýsanç bilen bellediler. Soňra ýaňlanan aýdym-sazlarda Garaşsyz Watanymyzyň, gülleýän topragymyzyň ýurt abadançylygynyň we bagtyýar döwrüň waspy ýetirildi. Medeniýet bölüminiň ýerine ýetiren folklor çykyşlary ildeşlerimize uly ruhubelentlik paýlady. Şeýle-de dabarada etrabyň çagalar sungat mekdebiniň zehinli okuwçylarynyň çykyşlary çäräniň şatlyk şowhunyny has-da artdyrdy.

 

Dursunjemal SARYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER

18 Noýabr 2024 | 802 okalan

KITAP — DÜNÝÄNIŇ AÇARY

18 Noýabr 2024 | 47 okalan

BERKARAR DÖWLETDE BAGTYÝAR ÇAGALYK