Ata Watanymyzda ýaşulularyň sarpasy belentden tutulýar we olar üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Ýaşuly nesliň zähmet ýoly we durmuş tejribesi biz — ýaşlara nusga alarlykdyr. Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň 1-inde Ýaşulularyň halkara gününiň döwlet derejesinde bellenilmegi, ýaşuly nesliň wekilleriniň oňaýly durmuş we dynç alyş şertleriniň üpjün edilmegi üçin dürli ýeňillikleriň döredilmegi, olaryň sarpasynyň belentden tutulmagy ýaşlaryň has-da watansöýüjilik ruhda terbiýelenmegine uly ýardam edýär. Bu ugurdaky işlere mynasyp goşant goşmak maksady bilen biz hem Kerki etrabynyň medeniýet merkezinde «Halypalyk ýoly mekdepdir» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirdik. Oňa Hormatly il ýaşululary, kümüş saçly enelerimiz, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda berkarar döwletimizde ýaşuly nesliň wekillerine aýratyn hormat-sarpa goýulýandygy, ýaşlaryň arasynda alyp barýan işleri üçin olara hormatly atlaryň dakylýandygy nygtaldy. Çäräniň soňunda ýaş nesliň watançylyk, belent adamkärçilik, milli gymmatlyklarymyza wepalylyk ruhunda terbiýelenmekleri ugrundaky işlere işjeň gatnaşýan Kerki etrabynyň ýaşulylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Atajan JORAÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.