«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen şanly ýylymyzda ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi dowam edýär. Şu günler biziň welaýatymyzda hem ýaşlaryň eli hünärli bolup ýetişmeklerini gazanmak, olary milli mirasymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň Lebap welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde yglan eden «Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» atly döredijilik bäsleşiginiň etrap tapgyrlary yzygiderli geçirilýär. Biz hem golaýda Dänew etrap Medeniýet öýünde bu bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdik. Oňa etrabymyzdaky orta mekdeplerde bilim alýan çeper elli gyzlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşýan okuwçy gyzlar halkymyza mahsus milli nagyşlar bilen bezelen lybaslary geýip, olary şahyrana wasp etdiler. Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen we Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işler, eziz Watanymyzyň özgertmeleri, ýaş nesil baradaky aladalar öz beýanyny tapdy. Şeýle hem bäsdeş gyzlar berlen şertler boýunça ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça etrabyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aýna Döwletýarowa, etrabyň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Şagül Haýdarowa, etrabyň 32-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aýbölek Altybaýewa, etrabyň 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy Tawus Abaýewa we etrabyň 30-njy orta mekdebiniň okuwçysy Akmaral Atajanowa dagylar ýeňijiler diýlip yglan edildiler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Rahmet BEŞIMOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.