Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde möhüm möwsüm — pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Biziň welaýatymyzyň kärendeçileri-de ýetişdirilen gowaça hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp, Watan harmanlarynyň beýgelmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gün-günden pellehana golaýlaşýan tutanýerli ildeşlerimiz bellenilen meýilnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etmekde asylly zähmet çekýärler. Biz hem olaryň armasyny ýetirmek, olary agzybirlikli we halal zähmete ruhlandyrmak maksady bilen ýygy-ýygydan kärendeçileriň arasynda bolup, dürli medeni çäreleri we duşuşyklary geçirýäris.
Golaýda ýurdumyzyň oba senagatynda durmuşa geçirilýän özgertmeleri wagyz etmek, şeýle hem öňdebaryjy ýaş pagtaçy kärendeçileri sylaglamak maksady bilen, Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde öňdebaryjy ýaş pagtaçylaryň arasynda «Ezber pagtaçy» atly duşuşyk geçirdik. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň işgärleri we Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň ýaş ýygymçy gyzlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýüwrük elli pagtaçy gyzlara, Watan harmanynyň beýgelmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan kärendeçilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.