Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň bilen bilelikde yglan eden «Haly dokar ellerim, gazal aýdýar dillerim» atly döredijilik bäsleşiginiň Halaç etrap tapgyry geçirildi. Oňa etrabymyzdaky orta mekdepleriň 2-5 synplarynyň gyzlary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň dowamynda okuwçy gyzlar türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Gyzjagazlar alaja işmek, jorap örmek, keşde gaýamak, haly dokamak ýaly el işleriniň inçe syrlaryny öwrenýändiklerini subut etdiler. Okuwçy gyzlaryň hödürlän işlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýar döwrümizde ýurdumyzyň ösüşiniň, eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň we ýetilen sepgitleriň, halkymyzyň baý geçmiş mirasynyň, medeni gymmatlyklarymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň çeper keşbi öz beýanyny tapdy.
Bäsleşigiň netijelerine görä, 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýjeren Jomartowa, 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Asuda Bazarowa, 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Ogulşat Meýlisowa, 13-nji orta mekdebiň okuwçysy Dürdäne Sylapowa, 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Dürdäne Jumageldiýewa dagylar ýeňijiler diýlip yglan edildiler. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.
Ýaraş HAÝYTOW,
TMÝG-niň Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.