Mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrundaky yzygiderli aladalar hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz adamyň saglygynyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatly baýlygydygyny aýratyn nygtap, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli işleriň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygym — baş baýlygym» şygarlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä ýetdi. Netijede sebitde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezler, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman öndürýän kärhanalar, saglyk öýleri gurlup, halkyň hyzmatyna berildi. Bular ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalaryň bir bölegidir. Golaýda Lebap welaýatynyň Farap şypahanasynda guralan dabaraly maslahatda hem bular dogrusynda buýsançly çykyşlar diňlenildi.
«Berkarar döwletim şanly-şöhratly, sagdyn durmuş bilen gadamlar batly» diýen at bilen geçirilen maslahata etrabyň lukmanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Lukmanlar öz çykyşlarynda ynsan saglygynyň bahasyz baýlykdygyny nygtap, ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň berkarar edilmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Esasan hem döwlet syýasatymyzda ýaş nesliň sagdyn ruhly şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmakda durmuşa geçirilýän beýik işleriň oňyn ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Soňra maslahat etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda bagtyýar zamanamyzyň waspy öz beýanyny tapdy. Şeýle hem maslahatda etrabyň öňdebaryjy saglyk işgärlerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Maslahata gatnaşyjylar ilatyň we ýaş nesliň saglygyny goramak babatynda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.