Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan welaýatymyzyň etraplarynda umumybilim berýän mekdepleriň okuwçy gyzlarynyň arasynda «Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirilýän beýik işlerden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan, olaryň ähli taraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.
Ynha ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 40-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda bu bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana çykyşlar bilen wasp etdiler. Gyzjagazlar ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirdiler. Şeýle-de gyzjagazlar folklor çykyşlaryň üsti bilen eziz Watanymyzyň, bagtyýar döwrümiziň özgertmelerine ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Bäsleşikde I orna Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Käbenur Şatlykowa, II orna Saýat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Merjen Rozmyradowa, III orna Saýat etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Sülgünjemal Hudaýkulyýewa mynasyp boldular we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşan gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ogulnur ŞAPOLADOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.