Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda etrabyň 9-njy orta mekdebinde, şol mekdebiň okuwçylarynyň, mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi – täze eýýamyň belent maksatlary» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, şeýle-de halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, durmuş üpjünçiligini kepillendirmek ugrunda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti dogrusynda çykyş etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.