Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher hem-de etrap Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda Hatyra güni mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gezelenç duşuşygy geçirildi. Duşuşyga mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, mugallymlar şeýle-de dürli ulgamda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar.
Gezelenje gatnaşyjylar Watan ugrunda şirin janlaryny gurban eden gerçekleriň, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, hem-de 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolup geçen Aşgabat ýer titremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanyp gurlan ýadygärlikleri ýakyndan synladylar. Gezelenjiň dowamynda ýaşlaryň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň çäginde gurlan «Watan mukaddesligi» muzeýine baryp, ol ýerde Beýik Watançylyk urşunyň taryhyna degişli, Gökdepe söweşine bagyşlanan, hem-de Aşgabat ýer titremesine bagyşlanan eksponatlary synlamaklary olaryň merdana pederlerimize bolan buýsanjyny, Watanymyza bolan söýgülerini has-da artdy.
Gezelenç duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Täçmuhammet ÇARYÝEW
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň esasy hünärmeni.