SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebinde okuwçy-türgenleriň arasynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça dürli agram derejesinde sport bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolanlary höweslendirmek maksady bilen, «Olimp» orta sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary hem-de okuwçy-türgenleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

     Çäräniň ahyrynda ýeňiş gazanan  okuwçy-türgenler döredilip berilýän şertler üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Döwran MYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby, Bagtyýarlyk etrap Halk

Maslahatynyň agzasy, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

18 Oktýabr 2024 | 4 okalan

BIR BELENT YKBAL SEN, ILLERE BEDEW

18 Oktýabr 2024 | 3 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

15 Oktýabr 2024 | 34 okalan

BEÝIK ÖSÜŞLERDEN GALKYNÝAN WATAN