DURMUŞYŇ GYMMATY – SAGLYK

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki, eziz Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda «Durmuşyň gymmaty – saglyk» atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi.

     Gepleşikde birnäçe çykyşlara orun berildi. Aşgabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugunyň alyp barýan işleri barada Iýmit gigiýena bölümçesiniň müdiri Meretguly Garryýew giňişleýin gürrüň berdi.

     Aşgabat şäheriniň 9-njy saglyk öýüniň lukmany Aýsoltan Jumaýewa bolsa, parasatly pederlerimiziň “Il saglygy –ýurt baýlygy”, “Bar zadyň sakasy saglyk” ýaly sözlere esaslanyp, ynsan saglygynyň tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdygyny belledi.

     Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Akbäbek Esenowa ýaş aýratynlygyň psihologiýasy barada giňişleýin gürrüň berdi.

     Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Gadam Söýegow öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar barada edýän aladalary, ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler dogrusynda beýan etdi. Şeýle hem, gepleşige gatnaşan myhmanlara Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy hem-de halkymyzyň saglygy barada edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Aýna GELDIMYRADOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 0 okalan

«MERDANA NESIL»

20 Noýabr 2024 | 15 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGI MUKADDESDIR