TÄSIRLI GEÇEN BRIFING DUŞUŞYGY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda, ýaşlaryň arasynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň, abadançylygyň we dost-doganlygyň asylly ýoly bilen – döwletara dialogyň taryhynda täze sahypa» atly brifing duşuşygy geçirildi.

     Brifing duşuşygynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň möhüm ähmiýeti barada giňişleýin çykyş edildi. Şeýle hem, ýurdumyzyň milli medeniýetini ösdürmekde, türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde, Watanymyzyň dünýä döwletleri, halkara guramalary bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygy barada belläp geçdiler.

     Sowallar arkaly dowam eden brifing duşuşygy özüniň giň mazmunlylygy bilen tapawutlanyp, şöhbetdeşligiň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinde beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň dikeldilmegi hem-de ajaýyp eserleriniň terjime edilip öwrenilmeginiň akyldar şahyra goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydygy bellenilip geçildi. Şeýle hem, paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjegindäki ajaýyp seýilgähde doganlyk gazak halkynyň beýik şahyry, görnükli medeniýet we sungat işgäri Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagynyň türkmen-gazak dost-doganlygynyň nyşanydygyny, beýik ussatlara goýulýan ägirt uly hormatyň güwäsidigini buýsanç bilen bellediler.

     Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglyk ulgamy boýunça kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň möhüm işleriniň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylmagynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmeginiň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaş nesillerimiz baradaky aladany baş maksat edinip, giň gerimli işleriň alyp barýandygy nygtaldy. Çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda halkymyza gowuşmagynyň ajaýyp toý sowgady bolandygy barada bellenildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär we medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Ýurdumyzda halkara derejedäki festiwallar, sergiler, maslahatlar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilip, ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda agzybirligi hem-de dost-doganlygy kemala getirmekde bu çäreleriň ähmiýeti örän uludyr.

     Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet syýasatyna doly we dogry düşünýän, ony goldaýan ýaşlar kemala geldi. Syýasy taýýarlygy, şol sanda syýasy aňy, syýasy medeniýeti ýokary bolan ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan, diňe halky bilen Watandyr», «Döwlet, diňe halky bilen Döwletdir» diýen baş ýörelgesinden ugur alýan bagtyýarlyk aňyýetini wagyz edýärler, döwrümiziň sesine ses goşýarlar. Şunda, ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda uly üstünliklere beslenip geçen umumymilli forumy – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy hem-de bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar syýasatyna aýratyn uly ähmiýet berýändigi, ýaşlaryň watansöýüjilik, milli buýsanç, ahlaklylyk, zähmetsöýerlik we agzybirlik ýörelgelerinde terbiýelenmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny duşuşyga gatnaşanlar öz çykyşlarynda belläp geçdiler.

     Brifing duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraý-mertebesini, häzirki taryhy döwürde gazanylýan üstünliklerini il içinde wagyz etmekde mundan beýlägem hasam döredijilikli işlejekdiklerine, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny giňden dabaralandyrmakda mynasyp goşantlaryny goşjakdyklary barada aýdyp geçdiler. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan halkara derejesinde ykrar edilýän taryhy çözgütleri durmuşa geçirýän, halk bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 2 okalan

«MERDANA NESIL»

20 Noýabr 2024 | 15 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGI MUKADDESDIR