Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap halk maslahaty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher, hem-de Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Onda şanly ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň möhüm ähmiýeti barada çykyş edildi.
Çykyşlarda ýurdumyzyň milli medeniýetini ösdürmekde, türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny geljek nesillere ýetirmekde, Watanymyzyň dünýä döwletleri, halkara guramalary bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygy barada bellenip geçildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda paýtagtymyzda Aşgabadyň gözel künjeginde doganlyk gazak halkynyň beýik şahyry, görnükli medeniýet we sungat işgäri Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagynyň türkmen-gazak dost-doganlygynyň nyşanydygyny, beýik ussatlara goýulýan ägirt uly hormatyň güwäsidigini buýsanç bilen bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.