BEÝIK ÖSÜŞLERDEN GALKYNÝAN WATAN

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda 151-nji çagalar bagynda zähmet çekýän mugallymlarynyň hem-de şol çagalar bagynyň körpejeleriniň gatnaşmaklarynda «Beýik ösüşlerden galkynýan Watan» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetde gazananlaryny hem-de bu ugurdaky ösüşi has-da artdyrmak, alnyp barylýan giň gerimli işleri ýaşlara ýetirmekde, ýaşlarymyz üçin edilýän bimöçber aladalar dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem çärä gatnaşan körpe nesiller öz gezeginde Watanmyzy wasp edýän aýdymlary hem-de goşgulary bilen çärä aýratyn öwüşgin berdi.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi bagtyýar çagalygyň mekanyna öwüren, ýaşlara ähli taraplaýyn görelde mekdebi bolýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Altyn DURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 2 okalan

«MERDANA NESIL»

20 Noýabr 2024 | 15 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGI MUKADDESDIR