Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň möhüm ähmiýetini ýaşlara ýetirmekden ybarat boldy.
Söhbetdeşlikde Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen forumyň Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmekde, gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny öwrenmekde, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda ähmiýeti dogrusynda çykyş etdiler. Şeýle hem çykyşlaryň her birinde dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, edebiýatymyzy, medeniýetimizi gülledip ösdürmekde alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Serdar NAZAROW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.