Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäheriniň bilelikde gurnamagynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy mynasybetli «Bir belent ykbal sen, illere bedew» atly brifing duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hünärmeni Dünýagözel Baýmyradowanyň alyp barmagynda guralan duşuşykda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Jennet Seýdiýewa, Halkara atçylyk sport toplumynyň seýis tälimçisi Suwhandurdy Guljanow, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň mugallymy, Assosirlenen mekdebiň utgaşdyryjysy Aýgözel Hojaýewa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Myrat Duýdanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Hoşgeldi Annageldiýew dagylar çykyş etdiler.
Şöhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň sap arassalygyny saklamak, gadymy tohumyny ylmy taýdan öwrenmek, olaryň sanyny köpeltmek boýunça Diýarymyzda giň göwrümli işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda çykyş etdiler. Şeýle hem çykyşlarda türkmen halkynyň gözüniň guwanjy, başynyň täji, wepaly syrdaşy ahalteke atlarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýakynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylandygyny buýsanç bilen bellediler.
Täçmuhammet ÇARYÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet
we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.