SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Saglyk — bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasy, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşy. Şonuň üçinem ýaşlarymyzyň her biri «Sagdyn bedende sagdyn ruh», «Jany sagyň göwni çag» ýaly sözlere eýerip, sagdyn durmuşda ýaşamaga ymtylýarlar. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär.

     Şunuň bilen baglylykda, ýakynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň düzüminde bolan mekdep okuwçylarynyň oglanlaryň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. çekeleşikli geçen ýaryşda ýaşlar ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

     Milli sporty ösdürmekde we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Umyt NEDIROW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

dolandyryş-hojalyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 6 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

«EL HÜNÄRI – IL GEZER»