ÝAŞLAR: KÄMIL HÜNÄR, DÖREDIJILIKLI ZÄHMET, RÖWŞEN GELJEK

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy döwrebap ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalarynyň özeninde dürli maksatly binalaryň gurluşygyny alyp barmak bilen bagly anyk maksatlar öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň aglaba bölegini ýaşaýyş jaýlarynyň düzýänligi bolsa ilatymyzyň ýaşaýyş medeniýetini ýokarlandyrmak, täze maşgalalaryň özbaşdak öýli bolmagyny üpjün etmek ýaly asylly maksatlara gönükdirilendir.

Tutuşlygyna döwrebap obanyň ýa-da içinde onlarça jaý bolan toplumlaryň gurluşygyna ak pata berlende ýa-da şunuň ýaly iri göwrümli gurluşyk meýdançalarynyň açylyş dabaralary bolanda, ýurdumyzyň gurpludygyna, Arkadag Prezidentimiziň çäksiz sahawatlydygyna buýsanýarsyň. Şunuň ýaly gurluşyklaryň biri häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Änew şäherinde dowam edýär. Şäheriň günbatar tarapyndan iniş edýän Arçabil şaýoly bilen Baba Annanow köçesiniň çatrygynda gurluşygyna başlanan ýaşaýyş jaýlary görenlerde höwes döredýär. Döwrebap arhitektura gözelligine we ýaşamak üçin ýokary amatlyklara eýe bolan bu jaýlar gurlup, ulanmaga berlenden soň, özboluşly bir ajaýyplygy döreder. Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda «Ahalgurluşyk» önümçilik birleşigi tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlanyňda göwnüň göterilýär.

Biz bu jaýlaryň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp, Ahal welaýat häkimliginiň gurluşyk we senagat bölümine ýüz tutduk. Bölümiň esasy hünärmeni Azat Atajanow sowallarymyza şeýle jogap berdi:

— Hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Ahal welaýatynda döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakyndaky» Kararyna laýyklykda gurluşygyna başlanan bu binalary 2018-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» üçin göz öňünde tutulan düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýar.

Gurluşyk işleriniň bellenilen möhletde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin gurluşyk materiallarynyň ýeterlik bolmagy we beýleki gerek mümkinçilikleri döretmekde ýygjam iş alyp barýarys. Ýaşaýyş jaý toplumynda jaýlaryň bäşisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Häzir jaýlaryň boýy ýetirilip, indi içki kebşirleýiş-bejergi işlerine girişilip başlandy. Gurluşyklaryň alnyp barylýan meýdançasy hem uzakda däl, isleseňiz olary özüňiz hem synlap bilersiňiz.

Ahal welaýatynyň gurluşyk we senagat bölüminiň esasy hünärmeni Azat Atajanow bilen bu haýyrly gurluşygyň alnyp barylýan ýerine gelenimizde gyzgalaňly iş möwsümi dowam edýärdi.

— Tüweleme, jaýlaryňyzyň boý-a ýetipdir, işiňiz ýarpylanan bolsa gerek?

— Gurluşygy daşyndan görseň, şeýle pikir etdirýändir. Ýöne işiň agramly bölegi öňümizde. Nesip bolsa, ol işlere hem indi ykjam girişip başladyk. Binanyň içinde we daşynda dakmaly, kebşirlemeli we berçinlemeli zerur serişdelerimiz üpjün. Kebşirleýiş işlerinden başy çykýan ezber ýigitleriň topary hem bar. Olaryň hyzmatyny utgaşdyrmak üçin inženerler bilen maslahatlaşyp, her gün, her hepde, her aý üçin işlerimizi meýilleşdirýäris. Tüweleme, ýaş oglanlaryň ýanynda işiň müşgili ýok.

— Gurluşykçylaryňyzyň hem aglabasy ýaşlar eken, tejribeli, ýüňi ýeten gurluşykçylaryň ýanynda ýaşlaryň iş başarjaňlygy nähili?

— Gurluşyk meýdançasynda ýaşlara-da, tejribeli halypalara-da iş tapylýar. Gurluşyk meýdançamyz uly, köp sanly işçileri bir wagtda işletmäge mümkinçiligimiz bar. Şonuň üçinem häzir işimizi iki çalşykda alyp barýarys. Olaryň iş öndürijiliginiň halypa-şägirtlik usuly bilen utgaşdyrylmagyna üns berýäris. Täzeräk işe girişen ýigitleri halypa ussalara berkidip, işiň inçe syrlaryny turuwbaşdan öwrener ýaly şert döredýäris. Gurluşyk diýleni bilenem ol birsydyrgyn iş däl, binanyň içini suwamak, aýnany, gapyny oturtmak, suw-lagym ulgamlarynyň işini kebşirlemek, elektrik toguny çekmek, binanyň ähli ýerini yşyklandyrmak, kafel goýmak ýaly dürli-dürli ugurlar biri-birinden tapawutlanýar. Şeýle hem olaryň her biri üçin ýöriteleşmek gerek bolýar. Şonuň üçinem ýaşlaryň haýsy ugra ukyby ýokary bolsa, şony hem ösdürmäge çalyşýarys.

— Gurluşyk taslamaňyzda ýaşaýyş jaýlary bilen bilelikde durmuş maksatly binalar hem bar eken?

— Gurluşyk meýdançamyzda bäş sany ýaşaýyş jaýy, olaryň her biriniň öňünde ulaglar üçin duralga, sport meýdançalary, çagalar üçin oýun meýdançalary, transformator, ýyladyş merkezi, suw rezerwuary ýerleşýär. Bu desgalaryň gurluşygy hem jaýlaryň gurluşygy bilen birwagtda alnyp barylýar. Bu desgalar şu ýerde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylaryny suw, tok hem ýylylyk bilen üpjün etjek desgalar bolmaly. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýleriň ýyladyş we sowadyş ulgamy hem bir desgada ýerleşýär.

— Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Işiňizde üstünlik gazanyň!

Gurluşyk meýdançasy — zähmetiň gaýnap-joşýan ýeri. Bu ýerde gurluşykçylaryň her biriniň öz işi bilen gümra bolup, sazlaşykly işläp ýörişi göwnüňi göterýär. Halal zähmet bilen ata Watana hyzmat etmek biziň her birimize bagt eçilýär. Şunuň ýaly köpçülik bolup zähmet çekilýän, ýurdumyzyň goýnunda ymgyr binalaryň gurulýan ýerlerine baranyňda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýurdumyzyň taryhyna beýik gurluşyklary we binalary bilen ýazylýandygyna buýsanýarsyň. Halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagynyň, ýurdumyzyň barha gözelleşmeginiň hatyrasyna uly işleri amala aşyrýan Arkadag Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.

“Nesil” gazeti,

28.02.2017ý.

Meňzeş habarlar