MILLI GYMMATLYGYMYZA BAGYŞLANAN BRIFING DUŞUŞYGY

     Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramaklarynda brifing duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk ýakynda ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli guraldy.

     «Çawy dünýä dolan türkmen bedewi» ady bilen geçirilen brifing duşuşygynyň esasy maksady ýaş nesillerde bedew atlaryna bolan söýgini güýçlendirmek, milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak endiklerini ösdürmek, türkmen ahalteke bedew atlarynyň arassaganlylygyny goramakdan ybarat boldy.

     Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen bu duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň, Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Arkadag şäheriniň atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň professorlary, alymlarydyr hünärmenleri çykyş edip, olar öz çykyşlarynda halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewlerimiziň aýratynlyklary, olaryň ylmy tarapdan öwrenilişi we bu ugurda ýurdumyzda we Arkadag şäherinde döredilen mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk atşynasy Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli gymmatlyklarymyzy goramakda we dünýä ýüzüne tanatmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.

     Duşuşygyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berildi. Ýaňlanan şirin aýdym-sazlarda döwrümiziň belent waspy ýetirildi.

 

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 30 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 180 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 150 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY