HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÇÖZGÜTLERI WAGYZ EDILÝÄR

     Düýn Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen «Halk Maslahaty – halkymyzyň asylly däplerinden ugur alýar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

     Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu çärä şäheriň çäginde zähmet çekýän medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

     Wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garalan meseleler, ýurdumyzy döwrebap ösdürmek, raýatlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmek babatda kabul edilen çözgütler, şeýle hem ähli ugurlary, şol sanda ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny mundan beýläk-de ýokary derejede özgertmek maksady bilen öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Çykyşlaryň her birinde ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 105 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 138 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY