TANSA ÇYK TANSA!

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan şäherimizde umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda «Tansa çyk tansa» ady bilen milli tans bäsleşigi geçirildi.

     Bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan, olaryň ähli taraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.

     Bäsleşikde toparlaryň özüne mahsus atlary bolup, olar bäsleşigiň 2 şerti boýunça bäsleşdiler. Milli tans bäsleşiginiň netijesinde ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR