SPORT – ÝAŞLARYŇ GUJURLY GÜÝJI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi Magtymguly etrap  sport mekdebinde türgenleşýän ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, «Sport – ýaşlaryň gujurly güýji» atly şygar astynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça sport ýaryşlaryny gurady.

     Ýaşlar bu ýerde toparlaýyn bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşlar çekeleşikli ýagdaýda geçdi.

     Bäsleşikde oglanlaryň arasynda woleýbol boýunça «Bürgüt», «Laçyn», «Gala» we «Summar» toparlary döredilip, olar özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesinde «Summar» topary birinji orna, «Bürgüt» topary ikinji orna we üçünji orna bolsa «Gala» topary mynasyp bolup, ýeňiji diýlip yglan edildi. Bäsleşige işjeň gatnaşanlara we toparyň ýeňijilerine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Mämmet MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR