DEMOKRATIK ÝÖRELGELERIŇ ÝOLUNDA

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi Esenguly etrap bilim müdirligi, ýerli hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde, Esenguly etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda, «Demokratik ýörelgeleriň ýolunda» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

     Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan gelip çykýan wezipeleriň, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde kabul edilen oňyn çözgütleriň ähmiýeti dogrusynda, şeýle-de halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy hem-de ýaşlaryň ylym-bilim derejesini has-da kämilleşdirmekde döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin beýan etdiler.

 

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

KÖŇÜLLERIŇ NAZARGÄHI

07 Iýul 2025 | 22 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 22 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP