GYZ EDEBI – IL EDEBI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi Baş bilim müdirligi, ýerli hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde Türkmenbaşy etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Gyz edebi – il edebi» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi.

     Duşuşykda ýaşlaryň watansöýüji, ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny, ene-mamalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerini, arassaçylygy, päkizeligi şeýle-de ähli ýerlerde özüňi alyp barmagyň medeniýetini, tertip-düzgüni, berjaý etmeklerini belläp geçdiler. Şeýle hem, gözellik çeşmesiniň zenanlaryň akyl paýhasyndan, edep-ekramyndan, ahlak päkliginden we zähmetinden döreýändigini nygtap, milli ýörelgelerimizi dowam etdirmekde uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR