Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen şäher muzeýine gezelenç çäresi guraldy.
Gezelençde ýaşlar halkymyzyň asyrlar boýy döreden milli gymmatlyklary, däp-dessurlarymyz bilen bagly bolan eserleri synlap, olara degişli maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdylar. Nesilden-nesle geçip gelýän milli kesp-kär, sungat eserleri, maddy we medeni gymmatlyklarymyz gezelenje gatnaşanlarda unudylmajak täsirleri galdyrdy we şöhratly taryhymyza, gymmatlyklarymyza bolan buýsançlaryny has-da artdyrdy.
Halkymyzyň gadymy mirasyna sarpa goýýan olary öwrenmäge uly ýol açyp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bosun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.
Aýperi ATAHALLYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.