NESILLERIŇ ALADASY-ÝAGTY ERTIRLERIŇ AÇARY

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, Esenguly etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň 9-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlar bilen ösüşiň belentliklerine tarap» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine, däp-dessurlaryna eýerip, ýaş nesilleri millilik ruhunda kemala getirmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Berkarar Watanymyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak edep-terbiýeli, bilimli, ösen tehnologiýalardan baş alyp çykaryp bilýän, halal zähmetiň eýeleri boljak ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň özi, ýaş nesilleriň buýsanjyny artdyryp, olaryň ýagty ertirlerine bolan beýik ynamyny has-da ýokarlandyrýar.

     Uly ruhubelentlige eýe bolan çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar hakynda edilýän uly aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Bagtyýar MATDYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

 

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

KÖŇÜLLERIŇ NAZARGÄHI

07 Iýul 2025 | 22 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 22 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP