Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, Esenguly etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda etrabynyň bilim bölüminiň mejlisler jaýynda edara- kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýylymyzyň şygary – ak ýollara badalga» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we onuň uly many-mazmuna eýedigi, ýagny Halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýunyň toýlanmagy bilen berk baglanyşyklydygy dogrusynda bellenildi.
Çykyş edenler her bir ýylymyzy döwrebap atlandyrmakda il-halkyna geňeşip, halkyň goldamagynda, mynasyp atlandyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.
Abat MÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.