BILIMLI ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ GELJEGI

     Ýakynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, özleri hakynda edilýän aladalary giňişleýin wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşi etrap bilim bölümi hem-de etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde Bereket etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirdi. «Bilimli ýaşlar – Watanymyzyň geljegi» diýen at bilen geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň işgärleri, işjeň agzalary hem-de şol mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

     Çykyşlarda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklaryna, ata-babalarymyzdan gelýän milliligimize laýyklykda terbiýelenmegine, sagdyn we berk bedenli bolup ösüp ýetişmeklerine we hünär öwrenmeklerine gönükdirilen işleriň maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenildi.

     Şeýle hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasatynyň ýaş nesliň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagy, olarda ruhy- ahlak gymmatlyklaryna we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy kemala getirmek, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendigi dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary üçin taýsyz tagallalary edýän, halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Bereket etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 3 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 23 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 36 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR