MEDENIÝETIM, SUNGATYM — MILLI BUÝSANJYM

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi» diýen ganatly sözlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi we Lebap welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan dürli döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Biz hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurdaky jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge öz goşantlaryny goşýan, ýokary döredijilik başarnygy bolan zehinli çagalary höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Medeniýetim, sungatym — milli buýsanjym» atly döredijilik bäsleşiginiň etrap tapgyryny geçirdik.

     Bäsleşige Kerki etrabynyň orta mekdepleriniň 3—7-nji synp okuwçylary gatnaşyp, berkarar döwletimizi, bagtyýar çagalygy, güneşli ülkämizi wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Kerki etrabyndaky 11-nji orta mekdebiniň okuwçysy Oraz Nazarow birinji orna mynasyp boldy. Etrabyň 24-nji orta mekdebiniň okuwçysy Umyt Bähbidow we 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Yhlas Rahmannazarow bolsa degişlilikde bäsleşigiň ikinji we üçünji baýrakly orunlaryny eýelediler.

     Bäsleşigiň ýeňijilerine we gatnaşyjylara TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER

18 Noýabr 2024 | 802 okalan

KITAP — DÜNÝÄNIŇ AÇARY

18 Noýabr 2024 | 47 okalan

BERKARAR DÖWLETDE BAGTYÝAR ÇAGALYK