Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bilelikde guramagynda «Pyragy hem Arkadag — ömrümize şamçyrag» atly ylmy döredijilik maslahaty geçirildi. Oňa döredijilik işgärleri, edebiýatçylar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, institutyň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige, agzybirlige, belent ahlaklylyga ýugrulan şygyrlarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Çykyş edenler şahyryň döredijiliginiň, edebi mirasynyň nesil terbiýesinde gymmatly gollanmadygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda şahyryň döredijiliginden zenan edebi we mertebesi, gelin-gyzlarymyzyň görüm-göreldesi baradaky şygyrlar okaldy.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarynyň nusgawy edebiýatymyz, sözüň gymmaty baradaky çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzda nusgawy şahyrymyzyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek boýunça döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çäreler barada hem buýsançly çykyşlar diňlenildi. Üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan ylmy işleri we çap edilen neşir önümleri barada hem nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar milli medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak, geljekki nesillere miras galdyrmak ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Durdy MÄMEDOW,
TMÝG-nyň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.