MEDENIÝETIM SUNGATYM — MILLI BUÝSANJYM

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde yglan eden «Medeniýetim sungatym — milli buýsanjym» atly bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa etrabymyzyň orta  mekdepleriniň 3-7-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlar gatnaşdylar. Bäsdeş oglanlar milli saz gurallarynda dürli sazlary ýerine ýetirip, aýdymlary aýdyp öz çykyşlarynda ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini görkezdiler. Okuwçy oglanlaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşi, eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, milli däp-dessurlarymyz öz beýanyny tapdy. Şeýle hem olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň döwrebap ähmiýetini, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny, bagtyýarlyk döwrüniň çeper keşbini aýdym-saz sungatynyň üsti bilen wasp etdiler.

     Bäsleşigiň netijeleri boýunça I orna Hojambaz etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçysy Merdan Wepaýew mynasyp boldy. Şol mekdebiň okuwçysy Serdar Ezizow bolsa bäsleşikde II orny eýeledi. Hojambaz etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň okuwçysy Baýramhan Sabyrow, Hojambaz etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň okuwçysy Agajan Baýramgeldiýew dagylar bolsa III baýrakly orna mynasyp boldular.

     Bäsleşikde ýeňiş  gazanan oglanlara Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.

 

Şöhrat KADYROW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň başlygynyň w. w. ý.ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 28 okalan

HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK DÄPLERINE EÝERIP

22 Noýabr 2024 | 25 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

20 Noýabr 2024 | 5956 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER