ŞADYÝAN OGLANLAR BÄSLEŞDILER

     Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 39-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Köýtendag etrap Geňeşiniň Köýtendag etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Medeniýetim, sungatym – milli buýsanjym» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa etrabyň 3-7 synplarynda okaýan okuwçy oglanlar gatnaşdylar.

     Ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge öz goşantlaryny goşýan, ýokary ussatlyga eýe bolan zehinli çagalary höweslendirmek we olaryň döredijilik başarnyklaryny açmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde mekdep okuwçylary öz zehinlerini subut etdiler. Bäsleşikde belentden ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwürmek ugrundaky beýik işleri öz beýanyny tapdy. Şeýle-de bäsleşige gatnaşan oglanlar türkmen milli saz gurallarynda saz çalyp, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew, terbiýeçilik, watançylyk temasyndaky şygyrlaryna düzülen aýdymlary hem ýerine ýetirdiler. Gyzgalaňly geçen bäsleşikde I orna Köýtendag etrabyndaky 13-nji orta mekdebiniň  okuwçysy Maksat Nepesow, II orna etrabyň 14-nji orta mekdebiniň okuwçysy Hydyr Babamuradow, III orna etrabyň 39-njy orta mekdebiniň okuwçysy Elýor Uktamow mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we gatnaşyjylaryna TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy we olara geljekde-de üstünlikler arzuw edildi.

 

Gülşirin MAMEDOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 28 okalan

HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK DÄPLERINE EÝERIP

22 Noýabr 2024 | 25 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

20 Noýabr 2024 | 5956 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER