Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň durmuşynda gündelik bolup geçýän şatlykly wakalar, gazanylýan guwandyryjy üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler döwrümiziň beýikliginiň beýanydyr, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň guwandyryjy görkezijisidir. Döwletimizi ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak ugrundaky işler bilen birlikde ýaşlar baradaky alada hem döwlet syýasatymyzda birjik-de ünsden düşürilmeýär. Şol sanda sagdyn ruhly we berk bedenli nesilleriň kemala gelmegini gazanmak maksady bilen köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek we ýaşlarda sporta söýgi döretmek, olaryň sagdynlyk hereketlerine eýermeklerini gazanmak ugrunda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Çünki bedenterbiýe maşklary, sport oýunlary çagalaryň bedenini berkitmek, fiziki mümkinçiliklerini ösdürmek bilen bilelikde, olaryň sapaklara ýetişigine we özüni alyp barşyna oňyn täsir edýär. Çünki sport bilen meşgullanmak islendik ýaşdaky adamda hem sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirýär, az hereketliligiň öňüni alýar, çalasynlygy, çeýeligi, güýçliligi, çydamlylygy, sazlaşykly ösüşi kemala getirýär.
Biz hem bu ugurda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň öňünde duran wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak maksady bilen Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 4-nji sport mekdebinde ýaşlaryň arasynda sport ýaryşlaryny guradyk. Oňa etrabyň sport mekdeplerinde ussatlyklaryny artdyrýan ýaş türgenler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Aýratyn hem basketbol boýunça toparlaryň arasynda geçirilen ýaryş ýaşlarda aýratyn ruhubelentlik döretdi. Gyzykly we çekeleşikli geçen oýunlar ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryna göz ýetirmäge ýene bir mümkinçilik boldy. Ýaryşda ýeňiji bolan ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Erkin HEZRETOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.