Golaýda maşgala mukaddesligini, gyz-gelin edebini, ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy we milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Baýramaly şäher Geňeşleriniň, Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ady agzalan orta hünär okuw mekdebinde «Millilik –nesil terbiýesiniň özeni» ady bilen geçirilen duşuşyga talyp gyzlar hem-de mugallymlar gatnaşdylar.
Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar zamanamyzda gelin-gyzlara aýratyn hormat goýlup, zenan mertebesiniň has-da dabaralanýandygy barada täsirli çykyşlar diňlenildi.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym- mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan: «Zenan düşünjesine halkymyz «ene», «uýa», «aýal dogan», «ömürlik durmuş hemrasy» diýen manylarda garaýar» diýip belläp geçen ajaýyp jümlesiniň okalmagy çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milliligimizi dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maýa AKMYRADOWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.