Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň 2-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Ýaşlar- ýurdumyzyň geljegidir» diýen şygar bilen geçirilen duşuşyga şol mekdebiň mugallymlary hem-de ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.
Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, özleri hakynda edilýän uly aladalary ýaş nesilleriň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen guralan duşuşyk täsirli çykyşlara baý boldy.
Çykyş edenler ylym-bilim ulgamlaryny täze belent sepgitlere çykarmaga hem-de bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Duşuşygyň dowamynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi hakyndaky täsirli çykyşlar öz beýanyny tapdy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar edýän uly aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Dünýä SAPAROWA,
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň
2-nji orta mekdebiniň mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.