ZÄHMETSÖÝERLIK ENDIGI KEMALA GELDI

     Şu günlerde çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe nesilleri watansöýüjilik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar.

     Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, etrabyň 3-nji çagalar bakja-bagy bilen bilelikde guramagynda «Zähmet terbiýesiniň gözbaşy» ady bilen bäsleşik geçirildi. Bu çärä bakja-bagynda terbiýelenýän mekdebe taýýarlaýyş toparynyň körpeleri gatnaşdylar. Bäsdeşler dürli şekilleri ýasamakda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.

     Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan bäsleşikde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerde zähmetsöýerlik endigini kemala getirmek boýunça guralýan çäreleriň, alnyp barylýan netijeli işleriň giň gerime eýe bolýandygy barada buýsanç bilen bellenildi.

 

Güljan ŞABASANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 1 okalan

ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI

08 Iýul 2025 | 1 okalan

ÖSÜŞLI MENZILLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY

08 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY