Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň tassyklan ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, ýaşlarda ata-babalarymyzyň mertlik, gaýduwsyzlyk, watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, janypkeşlik, ynsaplylyk ýaly häsiýetlerini terbiýelemek, ene-ata çäksiz söýgi döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 3-nji orta mekdebinde «Edep-terbiýe - kämilligiň gözbaşy» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hünärmenleri, etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mekdebiň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.
Çärede çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi, ýaşlaryň özleri hakynda edilýän aladalary her ädimde duýup ýaşaýandygy barada buýsançly söhbet etdiler. Berkarar döwletimizde halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan işleriň ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýaryp, olaryň ýagty ertirine ynam goşýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Sona BABAJANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.