Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 41-nji orta mekdebinde maslahat duşuşygy geçirildi. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny döwrebap durmuşa geçirmek hem-de ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek bilen bagly teklipleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guralan duşuşyga şol mekdebiň mugallymlary we ýokary synplarynda okaýan okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýändigini, ýaş nesil baradaky alada bolsa, eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladasydygy dogrusynda buýsançly bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde: «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin» diýen sözlerinden ugur alnyp, häzirki günlerde ýerlerde wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleriň yzygiderli geçirilýändigi, ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek bilen bagly teklipleriň öwrenilýändigi çykyşlaryň dowamynda aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda gün tertibinde seredilen meseleler boýunça ýaşlaryň teklipleri içgin öwrenilip, ata Watanymyzy ösüşleriň aýdyň ýollaryndan ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Sülgün ATAÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.