ZENAN SARPASY DABARALANÝAR

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap zenanlar we bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 19-njy orta mekdebinde terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Dünýä mirasynda nepis sungatym, barha artýar millilige hormatym» diýen mazmunly şygar bilen geçirilen duşuşyga şol mekdebiň mugallymlary we ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar.

     Gelin-gyzlarda türkmeniň millilik we edep-ekramlylyk häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen geçirilen duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda zenanlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, şeýle-de, milli däp-dessurlarymyz, türkmen gelin-gyzlarymyzy bezeýän ajaýyp häsiýetler we maşgala mukaddesligi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda beýan edilýän tymsallar ýerine ýetirilip, asyrlardan aşyp gelýän milli ýörelgelerimiz hem-de däp-dessurlarymyz barada aýratyn nygtaldy.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milliligimizi dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, zenanlarymyzyň abraý-sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 6212 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 1994 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 1894 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR