Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Türkmengala etrabynyň «ak altyn» ussatlary hem ýetişdiren pagta hasylyny ýygnamak işini güýçli depgin bilen alyp barýarlar. Şeýle jogapkärli möwsümiň dowam edýän günlerinde pagtaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tükmengala etrap Geňeşi tarapyndan geçirilýän medeni dynç alyş çäreleri giň gerime eýe bolýar.
Golaýda şeýle çäreleriň biri Türkmengala etrabynyň «Kemine» daýhan birleşiginde geçirildi. Türkmengala etrap häkimliginiň, etrap Ýaşlar guramasynyň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen aýdym-sazly dynç alyş çäresiniň esasy maksady pagta hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak, şeýle-de, pagta ýygymynda zähmet çekýän pagtaçylaryň armasyny ýetirmekden ybarat boldy.
Toý röwşüne giren meýdan düşelgesinde çykyş edenler pagta ýygymyna işjeň gatnaşýan ýygymçylaryň günortan arakesme wagtlarynda olaryň «armasy» ýetirilip, olara ýurdumyzda uludan bellenilýän Hasyl toýuna zähmet sowgatly barmaklary arzuw edildi. Etrabyň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary bolsa, çäräniň şowhunyny has hem artdyrdy.
Aýdym-sazly dynç alyş çäresiniň dowamynda bu jogapkärli möwsümde tapawutlanyp işleýän öňdebaryjylara etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, TMÝG-niň etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu bolsa, «ak altynyň» bol hasylynyň kemala gelmegine bähbitli täsirini ýetirdi.
Şeýle hem çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň her biri oba hojalyk ulgamyny ösdürmekde we türkmen halkynyň döwletli döwranda ýaşamagy ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.
Babajan MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy.