Golaýda ösüp gelýän ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak, olary kitaphanalara çekmek we kitapda beýan edilýän gahrymançylykly keşpleri olaryň aňyna ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 5-nji çagalar bagynda duşuşyk geçirildi. Ady agzalan çagalar bagynyň körpeleriniň gatnaşmaklarynda guralan duşuşyk «Kitap meniň dostum» diýlip atlandyryldy.
Işjeň häsiýetde geçen duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň hünärmenleri we terbiýeçiler ruhubelent körpelere halk döredijiligiň iň bir gadymy görnüşleriniň biri bolan türkmen halk ertekilerini okap berdiler. «Jadyly sözüň güýji», «Ýüz tylla», «Akpamyk» ýaly ertekileriň terbiýeçilik ähmiýeti we gahrymançylykly keşpleri bolsa, körpelerde ýagşy gylyk-häsiýetleriniň kemala gelmeginde möhüm ädim boldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň her biri bagtyýar körpeleriň asuda we abadan durmuşda okamaga, öwrenmäge we döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Laçyn RAHMANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.