BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

     Şu günler ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, onuň baý edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, ýaş nesillerde beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç we söýgi döretmek maksady bilen geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar.

     Şu nukdaýnazardan, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda «Magtymguly sözlerim, saza goşsaň uza bolar» diýen at bilen aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa aýdym-saza höwesli zehinli ýaşlar gatnaşdy.

     Gündogaryň beýik akyldary, söz äleminiň zergäri Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlere ýugrulan şygyrlaryny aýdym-sazyň üsti bilen wasp etmek we döredijilige ukyply ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralan bäsleşigiň barşynda guramaçylar tarapyndan täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döreden kämil eserleriniň asuda Watanymyzda her bir türkmen ýaşlarynyň, ylaýta-da, bagşylarymyzyň diliniň senasy bolup aýdymlar bilen ýaňlanýandygy baradaky buýsançly bellenip, bäsleşige gatnaşýan okuwçylara şowlulyk arzuw edildi.

     Bir-birinden zehinli, döredijilige höwesli okuwçy ýaşlar söz mülküniň zergäri Magtymguly Pyragynyň döreden ajaýyp goşgularyny aýdym bilen ýerine ýetirmek-de özara bäsleşdiler. Akyldar şahyryň «Näme sen?» we «Boýlaryňa» ýaly goşgularynyň  aýdymlarda beýan edilmegi, bäsleşige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

     Bäsleşikde emin agzalaryň beren bahalaryna laýyklykda, öňdebaryjylygy eýelän ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Şeýle hem bäsleşige gatnaşanlar ýurdumyzda döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini buýsançly beýan etdiler.

 

Ogulboldy ÖWEZBERDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 6212 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 1994 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 1894 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR