MILLILIK – HALKYMYZYŇ MIZEMEZ GYMMATLYGY

     Golaýda Sakarçäge etrabyndaky 8-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň bu çagalar bagy bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Millilik – halkymyzyň mizemez gymmatlygy» ady bilen geçirilen bu çärä 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçileri hem-de işgärleri gatnaşdylar.

     Duşuşykda asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerimiziň nesil terbiýesindäki orny, maşgala gymmatlyklary baradaky çykyşlara giň gerim berildi. Çykyş edenler gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özüniň mynasyp beýanyny tapýandygyny, şeýle-de bagtyýar zamanamyzda gelin-gyzlara aýratyn hormat goýlup, zenan mertebesiniň has-da dabaralanýandygyny buýsançly bellediler.

     Wagyz-nesihat çäresinde halkymyzyň nesil terbiýesinde hemişe görüm-göreldäni öňe tutýandygyny, çaganyň ata-enäniň diňe aýdan sözlerini däl, eýsem her bir hereketini öwrenýändigini nazara almagyň möhümdigi babatda hem gyzykly söhbetler edildi. Millilik, çaga terbiýesi, gyz edebi dogrusynda tymsallar getirilip, olaryň manysy giňişleýin düşündirildi.

     Duşuşygyň dowamynda halk döredijiliginiň, milli mirasymyzyň, halyçylyk, keşdeçilik, zergärçilik ýaly sungatlarymyzyň ýaş nesillere terbiýe bermekde aýratyn çelgidigi nygtalyp, bu gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmekde öňde goýlan wezipelere aýratyn üns çekildi.

     Şeýle çäreleriň geçirilmegi gelin-gyzlarda millilik, edep-ekramlylyk ýaly häsiýetlerimiziň has-da kämilleşmegi babatda möhüm ähmiýete eýedir. Dabara gatnaşyjylar milliligimizi dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Gülüstan NURYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 6212 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 1994 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 1894 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR