Häzirki günlerde türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň çäginde dabaraly maslahatlardyr, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Düýn bu şanly waka mynasybetli «Milli manadymyz – ykdysady ösüşlerimiziň kepili» diýen at bilen aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat komiteti bilen bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga ady agzalan guramalaryň we syýasy partiýalaryň wekilleri, bank ulgamynda zähmet çekýän ýaşlar işjeň gatnaşdy.
Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüş-özgerişli menzilleriniň batly gadamlar bilen ynamly öňe barýandygy, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bank we maliýe ulgamlarynda hem ýokary netijelere eýe bolunýandygy dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygynyň baýramy döwletimiziň bank ulgamynda şatlykly we guwançly waka bolup, geçen döwrüň içinde milli manadymyzyň hümmetiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen netijeli işler durmuşa geçirilendigi baradaky çykyşlar çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkyny we bank ulgamynyň işgärlerini Türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy bilen ýene bir ýola gutlap, döwletli-döwranly zamanada eşretli ýaşaýşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Buýsançly pursatlara beslenen dabaraly duşuşyk welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.
Maýa AKMYRADOWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.