TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETLI DUŞUŞYK GEÇIRILDI

     Ýaňy-ýakynda Ýolöten etrap nebit kärhanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Dünýä mirasynda nepis sungatym, barha artýar millilige hormatym» diýen şygar bilen geçirilen duşuşyga şol edarada zähmet çekýän bagtyýar gelin-gyzlar, mährem eneler gatnaşdylar.

     Türkmeniň millilik we edep-ekramlylyk häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen guralan duşuşykda täsirli çykyşlar diňlenildi.

     Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ata Watanymyzyň geljegi bolan mynasyp ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde we türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamakda zenan mertebesine goýulýan hormat we sarpa, olary jemgyýetçilik çärelerine işjeň çekmekde durmuşa geçirilýän işler dogrusynda buýsançly bellediler. Çykyşlaryň dowamynda guramaçylar tarapyndan gadymdan gelýän milli ýörelgelerimizi hem-de däp-dessurlarymyzy giňişleýin beýan edýän tymsallar ýerine ýetirildi. Bu bolsa, ene-mamalarymyzdan miras galan milliligi, däp-dessurlary, edep-terbiýäni wagyz-ündew etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenanlaryň sarpasyny belentde tutup, olaryň abraý-mertebesini beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Jennet ORAZOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 6212 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 1994 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 1894 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR