Düýn Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde: «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin» diýen tabşyrygyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Mary nebit gaz orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda maslahat duşuşygy geçirildi.
Ýaşlar barada döwlet syýasatyny mynasyp durmuşa geçirmek bilen bagly teklipleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guralan duşuşyga ady agzalan orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň durmuş ykdysady syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen görnüşiniň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini giňişleýin beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda, welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirilýän duşuşyklaryň giň gerime eýe bolýandygyny buýsançly bellediler.
Duşuşygyň dowamynda gün tertibinde seredilen meseleler boýunça ýaşlaryň teklipleri içgin öwrenildi. Şeýle hem oňa gatnaşanlar ýaşlar syýasatyny içeri hem-de daşary syýasatynda esasy ýörelgä öwren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.