ÝURDUMYZDA ZENAN SARPASY DABARALANÝAR

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň, etrap zenanlar bölüminiň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy zenanlarymyzyň arasynda gadymy ene-mamalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimizi we däp-dessurlarymyzy, ruhy, medeni we milli gymmatlyklarymyzy giňişleýin wagyz etmäge bagyşlandy.

     Baýramaly etrap hassahanasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenan sarpasy dabaralanýar» ady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlara giň orun berildi.

     Duşuşykda çykyş edenler maşgalanyň sütüni, ýokary ahlaklylygyň beýik nusgasy hökmünde mährem enelerimiziň mertebesini belent tutmagyň türkmen halkynyň gadymy döwürden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidigini, bu ýörelgäniň hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýändigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň zehin sahawatyndan syzylyp çykan «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda her bir ojaklarymyzda enelerimiziň mukaddeslige deňelýändigi aýratyn nygtalyp, duşuşygyň dowamynda bu ajaýyp kitabyň her bir türkmen zenanynyň ýan kitabyna öwrülendigi we onuň ruhy şamçyragdygy baradaky joşgunly çykyşlar çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

     Duşuşyga gatnaşan zenanlar özleriniň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, eziz Diýarymyzyň gujagynda mynasyp zähmet çekmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Hallygözel KERWENOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 6212 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 1994 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 1894 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR