WAGYZ-NESIHAT IŞLERI DOWAM EDÝÄR

     Ýakynda «Gyz edebi – il edebi» diýen mazmunly şygar bilen gyz-gelin edebi, ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz hem-de milli gymmatlyklarymyz dogrusynda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Mary şäher bölümi bilen bilelikde gurnamagynda geçirilen duşuşyga, şol mekdebiň talyp gyzlary we mugallymlary gatnaşdylar.

     Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa, maşgala gymmatlygy, türkmen zenanlarynyň asyllylygy we ojagyna wepalylygy barada buýsançly çykyşlar diňlenildi.

     Çykyş edenler zenanyň maşgala ojagynyň daýanjydygyny, ähli gözellikleriň seresidigini, görüm-göreldäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiziň millilik we özüňi alyp barmagyň medeniýeti barada öz nesillerine berýän öwüt-ündewleriň ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtap, zenan mertebesini belentde tutýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mähri SAPAROWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 6212 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 1994 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 1894 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR